“Liwerpulyň” tälimçisi Arne Slot jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragy aldy

  • 28.05.2025 23:06
  • 5k+

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Arne Slot Menejerler assosiasiýasy (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip ykrar edildi. Ol “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçisi Aleks Fergýusonyň hormatyna atlandyrylan baýragy aldy.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy, 27-nji maýda, sişenbe güni JW Marriott Grosvenor House London myhmanhanasynda geçirildi. Bu baýragyň 33-nji ýyllyk gowşurylyşy boldy.
Soňky gezek “Liwerpulyň” tälimçisi 2021/2022 möwsüminiň jemi boýunça bu baýraga dalaşgär bolupdy. Şol wagt topar Ýurgen Kloppyň ýolbaşçylygynda 92 utuk gazanyp, ikinji orny eýeledi. Şeýle-de, Klopp “Liwerpul” 2019/2020 möwsüminde Premýer-ligada ýeňiş gazanandan soň baýragyň eýesi boldy.
Şeýle baýraklaryň sany boýunça rekord Aleks Fergýusonyň özüne degişlidir – ol ony 11 gezek aldy.
2024/2025 möwsüminde “Liwerpul” Slotuň ýolbaşçylygynda 38 oýunda 84 utuk gazanyp, Angliýanyň çempiony boldy. Topar ikinji orny eýelän “Arsenaldan” 10 utuk öňe geçdi. 


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......