“Liwerpul” “Baýer” toparyndan Žeremi Frimpong bilen gol çekişdi

  • 01.06.2025 13:47
  • 4.2k+

“Liwerpul” Lewerkuzeniň “Baýeriniň” sag goragçysy Žeremi Frimpongyň topara geçendigini resmi taýdan yglan etdi. Klubuň web sahypasynda 24 ýaşly niderlandly futbolçynyň iňlis kluby bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşandygy habar berildi.

Habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, transferiň bahasy 40 million ýewro boldy. Näçe wagtlykdygy aýan edilmedi, ýöne insaýderler şertnamanyň 2030-njy ýyla çenli wagty göz öňüne tutup biljekdigini çaklaýarlar.

"Bu gaty aňsat bolup geçdi. “Liwerpul” gelip, gyzyklanmasyny mälim etdi, men hem agentlerime: "Ýerine ýetiriň diýdim" diýdim. "Liwerpulyň" janköýerleri, men durkum bilen berlerin. Biz bilelikde ýeňeris, ýeňşimizi baýram ederis, bilelikde kän zady gazanarys diýip umyt edýärin. Bu ýere gelendigime şat. Meni kabul edeniňize sag boluň, maňa ynanyp bilersiňiz” – diýip, Frimpong özüniň geçişine teswir berdi.

Şeýle hem, baş tälimçi Arne Slot bilen eýýäm gürrüňdeş bolandygyny aýtdy.

"Milli ýygynda “Feýenoorddan” gelen käbir oglanlar maňa: "Ol meniň owal-ahyr iň gowy tälimçim" diýdi. Hemmesi şeýleräk ruhda, şonuň üçin men hemişe tälimçi hakda gowy zatlar eşitdim. Indi ol meniň tälimçim bolar, men muňa begenýärin" -diýip futbolçy belledi.

Frimpong “Baýer” üçin 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri oýnap gelýär. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 190 oýna gatnaşyp, 30 gol geçirdi we 44 asist etdi. Klubuň düzüminde ol Germaniýanyň çempiony boldy, şeýle hem ýurduň Kubogyny we Super kubogyny aldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......