Wan Deýk “Liwerpul” bilen şertnamasyny uzaltdy

  • 18.04.2025 00:26
  • 3.2k+

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby niderlandly goragçy Wirjil wan Deýk bilen şertnamasynyň möhletini uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berýär.

Klubuň 33 ýaşly kapitany bilen täze şertnama 2027-nji ýyla çenli hereket eder.

“Örän begenýän, buýsanýan. Bu barada aýdýan wagtym kellämde dürli duýgular bolup geçýär. Bu buýsanç, şatlyk duýgusy. Bu diýseň üýtgeşik. Karýeramda gazananlarym we ony bu klubda ýene iki ýyla uzaldyp bilmegim – bu ajaýyp, men örän begenýän” – diýip, futbolçy aýtdy.

Ýakynda mersisaýdlylar bilen şertnamasyny müsürli hüjümçi Mohamed Salah hem uzaldypdy.
Wan Deýk “Liwerpul” üçin 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ol toparyň düzüminde Angliýanyň çempionatyny, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny, iki Angliýa ligasynyň kubogyny, Çempionlar ligasyny, Ýewropanyň Superkubogyny we Klublaýyn dünýä çempionatyny utdy. 


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......