Kewin De Brýoýne möwsümiň ahyrynda “Mançester Sitiden” gider

  • 05.04.2025 21:23
  • 6.8k+

Belgiýanyň ýarymgoragçysy Kewin De Brýoýne sosial ulgamlarda möwsümiň ahyrynda “Mançester Sitiden” gitjekdigini habar berdi. Futbolçy topardan erkin agent hökmünde çykar.

"Futbol meni siziň hemmäňiziň ýanyňyza - bu şähere getirdi. Men ömrümiň bu döwrüniň durmuşymy üýtgetjekdigini aňmazdan, arzuwymyň yzyndan dynman ylgadym. Bu şäher. Bu klub. Bu adamlar... maňa HEMME ZAT berdi. Mende tutuşlygyma özümi size bagyş etmekden başga alaç galmady. Bilýäňizmi – biz HEMME ZATDA ýeňdik!

Islesek-islemesegem, hoşlaşmaly wagt geldi. Mançester çagalarymyň pasportynda, has möhümi hem, maşgalamyň her bir agzasynyň kalbynda ebedilik galar. Bu hemişe biziň öýümiz bolar. Şähere, kluba, işgärlerimize, topardaşlarymyza, dostlarymyza we maşgalamyza bu 10 ýyllyk başdan geçirmeler üçin sagbolsun aýdýarys. Ýöne her bir hekaýatyň ahyry bar. Bu iň gowy bap boldy. Geliň, bilelikdäki soňky pursatlarymyzdan lezzet alalyň!” – diýip, Brýoýne ýazdy.  
Bu täzelige "Mançester Siti" toparynyň ýolbaşçysy Hosep Gwardiola jogap berdi.

"Bu ýurtda beýik ýarymgoragçylar köp bolupdy, ýöne Kewin iň gowularyň biri. Ol diňe bir pursatlary döretmän, muny ýyl-ýyldan iň ýokary derejede ýerine ýetirýär. Onuň futbol intellekti, soňky pursatdaky çykalgalary – dilde beýan edip bolmajak zehin” – diýip, Gwardiola belledi.

De Brýoýne “Mançester Sitide” 2015-nji ýyldan bäri oýnaýar. Toparyň düzüminde ol 413 oýna gatnaşyp, 106 gol geçirdi we 174 gezek netijeli pas berdi. “Siti” bilen 16 baýrak gazandy.
Häzirki möwsümde ýarymgoragçy 31 oýna gatnaşyp, 4 gol geçirdi we 7 gezek netijeli pas berdi. Klub bilen baglaşylan şertnama 2025-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär. Transfermarkt onuň bazar bahasyny 27 million ýewro diýip çaklaýar.


düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......