“Liwerpul” “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň stilindäki wideo bilen täze eşigini tanyşdyrdy

  • 02.08.2025 14:25
  • 4.1k+

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/26 möwsümi üçin öýde we myhmançylykda ulanyljak eşik toplumyny hödürledi. Ol Adidas bilen hyzmatdaşlyk dikeldilenden soň ilkinji toplum boldy. Klub eşigini “Alisa täsinlikler dünýäsinde” ertekisiniň äheňinde düşürilen wideoda görkezdi.

Wideo häzirki futbolçylar Wirjil wan Deýk, Mohamed Salah, Kýortis Jons we Keri Holland (zenanlar toparyndan), şeýle-de klubuň rowaýaty oýunçylary – Kenni Dalgliş, Ian Raş, Jon Barns, Robbi Fauler we Jeými Karrager gatnaşdy.
Öý oýunlary üçin niýetlenen eşik toplumy ýeňlerinde ak Adidas zolaklary we aýlaw ýaka bilen klassyk gyzyl reňkde ýerine ýetirildi.
Myhmançylykdaky eşik gara-gyzyl öwüşginler bilen ak reňkde ýerine ýetirildi. Liwerpul guşunyň şekili galkanda ýerleşdirildi – bu element “Enfildiň” 1906-njy ýyldaky nusgasynyň baş münberiniň şekilinden ylham aldy.
Iki köýnekçäniň hem arka tarapynda, ýeňsede “Hillsboroda” heläk bolanlaryň hatyrasyna baky alaw bilen 97 belgili nyşan ýerleşdirildi.
Janköýerler hem Diogu Žotany hatyralamak üçin 20-lik belgi bilen Diogo J. ýazgyly köýnekçäni sargyt edip biler. Satuwdan alnan girdeji LFC Foundation haýyr-sahawat gaznasyna gönükdiriler.
Topar ilkinji gezek täze eşikde duşenbe güni “Enfildde” “Atletik” (Bilbao) bilen ýoldaşlyk oýnuna çykar, myhmançylykdaky eşigini bolsa 10-njy awgustda Angliýanyň Superkubogy ugrunda “Kristal Pelasa” garşy oýunda geýer.
Adidas bilen 10 ýyllyk şertnama mart aýynda baglaşyldy. Mundan öň klub nemes brendiniň eşik toplumlaryny 1985-1996-njy we 2006-2012-nji ýyllarda geýipdi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......