“Kristal Pelas” “Liwerpuly” utup, taryhynda ikinji kubogyny gazandy

  • 11.08.2025 14:36
  • 5.9k+

Londonyň “Kristal Pelas” kluby Angliýanyň Superkubogy ugrundaky oýunda penalti tapgyrynda “Liwerpuly” utdy. Topar öz taryhynda we 2025-nji ýylda ikinji titulyny gazandy. Mundan öň klub finalda “Mançester Sitini” utup, Angliýanyň Kubogyny gazanypdy.

“Liwerpul” bilen duşuşyk “Uembli” stadionynda geçdi we esasy wagtda 2:2 hasabynda tamamlandy. “Liwerpul” täze oýunçylary Ýugo Ekitikeniň we Jeremi Frimpongyň gollary bilen iki gezek öňe çykdy. “Bürgütler” hasaby iki gezek deňledi – Žan Filipp Mateta we Ismaila Sarr gol geçirdi. Penalti tapgyrynda londonlylar 3:2 hasabynda utdy.
“Kristal Pelasyň” janköýerleri Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) kluby eýeçilik gurluşy sebäpli konferensiýalar ligasyna geçirmek baradaky çözgüdine ýene nägilelik bildirdi. Münberlerde “UEFA – mafiýa” ýazgyly banner görkezildi. Ozal UEFA topary Ýewropa ligadan aýyrdy, klub bolsa Lozannadaky Sport arbitraž kazyýetine şikaýat arzasyny berdi. Kararyň 11-nji awgustda bolmagyna garaşylýar.
Superkubok, belli bolşy ýaly, Angliýada futbol möwsümini açýar we ýurduň çempiony bilen kubogyň eýesiniň arasynda oýnalýar. “Liwerpul” bu kubogyň 16 gezek eýesi boldy, ondan köp diňe “Arsenalda” (17) we “Mançester Ýunaýtedde” (21) bar.
“Kristal Pelas” “Arsenal”, “Çelsi”, “Tottenhem Hotspur” we “West Hem Ýunaýted” bilen bir hatarda Superkubogy utan bäşinji London kluby boldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......