“ManÝunaýted” ýer dawasy sebäpli täze stadionyň gurluşygyna başlap bilmeýär

  • 05.08.2025 10:56
  • 10k+

“Mançester Ýunaýted” futbol kluby täze stadionyň gurluşygyna taýýarlyk tapgyrynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

The Guardian neşiriniň habar bermegine görä, işe başlamak üçin kluba häzirki “Old Trafford” stadionynyň gapdalyndaky ýer bölegini satyn almak gerek. Ýöne bu çägiň bir bölegini demirýol ýük terminaly eýeleýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, terminala eýeçilik edýän Freightliner kompaniýasy bu ýeri 400 mln funt sterling bilen bahalandyrdy. Şol bir wagtyň özünde, klub bu ýer bölegine 40-50 mln funtdan ýokary baha bermeýär.
Klub täze meýdançanyň gurluşygyny 2030-njy ýyla çenli tamamlamagy meýilleşdirýär. Bar bolan maglumatlara görä, taslama maýa goýumlaryň umumy mukdary 4,2 mlrd funt sterling bolar.


düýn 16:49
6.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.9k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.1k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....