«Liwerpul» Mohammed Salah bilen şertnamasyny uzaldandygyny mälim etdi

  • 11.04.2025 16:07
  • 6.6k+

«Liwerpul» müsürli hüjümçi Mohammed Salah bilen şertnamasyny uzaldandygyny mälim etdi. 32 ýaşly futbolçy bilen ylalaşygyň möhleti 2027-nji ýyla çenli dowam eder.

Salahyň şertnamasy şu ýylyň tomsunda tamamlanýardy. Täze şertnama «Liwerpulyň» Premýer-liganyň çempionlygyna ýakynlaşan wagty baglaşyldy.

«Elbetde, gaty tolgunýan. Biziň häzir ajaýyp toparymyz bar. Öňem ajaýyp toparymyz bardy. Emma men [şertnama] gol çekdim, sebäbi biziň başga-da kuboklary gazanmaga we futbolymyzdan lezzet almaga mümkinçiligimiz barmyka diýip pikir edýän… Bu ajaýyp, meň iň gowy ýyllarym şu ýerde geçdi. Sekiz ýyl bäri oýnaýan we munuň on ýyla çekmegini arzuw edýän. Men bärde durmuşymdanam, futbolymdanam lezzet alýan» — diýip, klubuň resmi web saýty Salahyň sözlerini getirýär.

Salah 2017-nji ýyldan bäri «Liwerpulda» çykyş edip gelýär. Ol klub bilen Angliýanyň çempionatyny, ýurduň Kubogyny, iki gezek Liganyň Kubogyny we Angliýanyň Superkubogyny hem-de Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy.
Şu möwsümde Salah ähli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 32 gol geçirdi we 22 gezek netijeli pas berdi.
Metbugat maglumatlaryna görä, «Liwerpulyň» goragçysy Wirjil Wan Deýk hem klubdaky çykyşyny dowam etdirmäge taýýarlanýar.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......