“Liwerpul” transferlerde £200 mln gazandy, ýöne £300 mln sarp etdi

  • 20.08.2025 08:37
  • 7.9k+

“Liwerpul” futbol kluby şu tomus öz taryhynda iň güýçli transfer kampaniýasyny geçirýär. Klub oýunçy satuwyndan 200 mln funt sterlingden gowrak gazandy, ýöne täze oýunçylar üçin çykdajylary 300 mln funt sterlingden geçdi diýip, ESPN ýazýar.

Satylan oýunçylaryň arasynda şular bar:

  • ·Luis Dias – 64,7 mln funt sterlinge “Bawariýa” geçdi;
  • ·Darwin Nunýes – 53 mln ýewro “Al-Hilýala”;
  • ·Trent Aleksander-Arnold – 8,6 mln ýewro “Reala”;
  • ·Kuiwin Kelleher – 18 mln funt sterlinge “Brentforda”;
  • ·Jarell Kuansa – 30,2 mln ýewro “Baýere”;
  • ·Ben Douk – 25 mln funt sterlinge “Bornmuta”.

Şol bir wagtyň özünde klubuň düzümine şular goşuldy:

  • ·Florian Wirts – 125 mln ýewro “Baýerden” (Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda iň gymmat satyn alyş);
  • ·Ýugo Ekitike – 82,5 mln ýewro “Aýntrahtdan” (Frankfurt);
  • ·Miloş Kerkez – 40 mln funt sterlinge “Bornmutdan”;
  • ·Jeremi Frimpong – 40 mln ýewro “Baýerden”;
  • ·Jowanni Leoni – 35 mln ýewro “Parmadan”.

“Liwerpulyň” oýunçylara edýän çykdajylarynyň artmagy diňe bir ýokary orunlarda saklanmak islegi bilen däl, eýsem klubuň girdejileriniň ep-esli ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Soňky on ýylda ol üç esse ýokarlandy. 2023/24 möwsümindäki maglumatlara görä, ilkinji gezek täjirçilik girdejisi (£308 mln) umumy girdejiniň (£614 mln) ýarysyndan gowragyny düzdi. Şeýle-de, Liwerpul kluby APL-iň taryhynda ilkinji gezek täjirçilik görkezijileri boýunça garşydaşy “Mançester Ýunaýtedden” (£303 mln) öňe geçdi. Şol bir wagtyň özünde iň ýokary görkezijiler “Mançester Sitä” degişlidir (£344 mln).
2024/25 möwsümi üçin doly maglumatlar entek hödürlenmedi, ýöne eýýäm “Liwerpulyň” Premýer-ligadaky ýeňşi netijesinde iň köp pul baýragyny gazanandygy belli – 174,9 mln funt sterling. Şeýle-de, iň gowularyň bäşligine “Arsenal” (£171,5 mln), “Mançester Siti” (£165,5 mln), “Çelsi” (£163,7 mln) we “Nýukasl” (£160,2 mln) girdi diýip, Liverpool Echo ýazýar. Ýene, takmynan, 100 mln ýewro “Liwerpula” Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykandygy üçin berilýär. Soňky üç möwsümde girdejililik görkezijisi kluba düzgünleşdiriji edaralaryň sanksiýalaryndan gorkmazdan PSR (Girdejililik we durnuklylyk düzgünleri) üçin meselesiz şu tomus 200 mln ýewrodan gowrak sarp etmäge mümkinçilik berýär.


düýn 15:42
5.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......