«Liwerpul» 20-nji gezek Premýer-liganyň çempiony bolup, "ManÝunaýtediň" rekordyny gaýtalady

  • 28.04.2025 10:38
  • 9.3k+

«Liwerpul» futbol kluby taryhynda 20-nji gezek Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy. Klub ýekşenbe güni geçirilen oýunda «Tottenhemi» 5:1 hasabynda ýeňip, möhletinden öň çempionlygyny gazandy. Bu «Liwerpul» üçin 2020-nji ýyldan bäri Premýer-ligadaky ilkinji çempionlyk boldy.

Çempionat heniz tamamlanmady. «Mersisaýdlylar» ýene dört duşuşyk geçirmeli. Emma toparyň iň ýakyn bäsdeşi bolan Londonyň «Arsenalyndan» aratapawut indi ýetip bolmajak 15 utuk bolup durýar.
Şeýlelikde, «Liwerpul» Premýer-ligada we Angliýanyň beýleki ýokary ligalarynda çempionlyk sany boýunça «Mançester Ýunaýted» bilen deňleşdi.
Öň «Liwerpul» köp gezek Angliýanyň Birinji diwizionynyň ýeňijisi bolupdy, soňra şol liganyň ornuna 1992-nji ýylda Premýer-liga döredildi. Şondan bäri «mersisaýdlylar» diňe bir gezek, 2020-nji ýylda, Angliýanyň çempiony bolmagy başarypdy.
«Liwerpul» ilkinji gezek Angliýanyň ýokary ligasynda çempionlygyny 1900–1901 möwsüminde gazandy.

Toparyň baş tälimçisi, niderlandly Arne Slot üçin bu möwsüm toparyň başynda ilkinji ýyly boldy. Ol bu wezipä 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda bellenilipdi. Ol Premýer-liganyň taryhynda toparyny ilkinji möwsüminde çempion eden bäşinji tälimçi boldy. Ondan ozal bu üstünliklere Žoze Mourinýo (2004–2005), Karlo Ançelotti (2009–2010), Manuel Pellegrini (2013–2014) we Antonio Konte (2016–2017) ýetipdi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......