FIFA sosial ulgamlardaky kemsitmelere garşy göreşmek üçin emeli aňy işjeňleşdirer

  • 08.06.2026 07:37
  • 3.1k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe sosial ulgamlardaky kemsidiji teswirlere garşy göreşmek üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Guardian» gazeti habar berýär.

Gurama milli futbol federasiýalaryna jynsparazlyk, gomofob we aýallara garşy kemsidiji sözleri öz içine alýan habarlaryň görünmegini çäklendirmek üçin niýetlenen «Respondology» ulgamyny mugt ulanmagy hödürledi.

Angliýanyň Premýer-ligasynyň käbir klublary (mysal üçin, «Tottenham») eýýäm bu tehnologiýadan peýdalanýar.

Hyzmat 30 müň sany açar sözleriň we söz düzümleriniň binýadyny ulanyp, «Facebook», «Instagram», «TikTok», «YouTube», «X» we «Threads» platformalaryndaky teswirleri seljerýär.

Kemsidiji habarlar iki sekuntdan hem az wagtda gizlenýär. Şunda teswiri ýazan awtor öz ýazan zatlaryny görmegini dowam etdirýär we onuň beýleki ulanyjylar üçin elýeterli däldiginden habarsyz galýar.

Geljekde FIFA düzgünleri bozýandygy anyklanan ulanyjylar üçin bilet satyn almagy çäklendirmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar. Şeýle çäreleriň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ulanyljakdygy entek anyklananok.

«Respondology» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Erik Sýueýn: «Biziň emeli aňymyz dünýäniň ähli dillerinde, şol sanda biziň synag eden Morze elipbiýimizde we klingon dilinde hem işleýär. Bu degişme däl. Ol medeni çelgilere we inçe manylara düşüner. Ýigrenç on esse köp bolup biler, şeýle hem bolar, sebäbi çempionat ABŞ-da geçer, ýöne emeli aň munuň hötdesinden gelip biler. Bu peýdaly tehnologiýadyr» diýip belledi.

«Respondology» kompaniýasy 2019-njy ýylda tennisçi Serena Wilýamsyň adyna ýagýan jynsparazlyk we beýleki kemsidiji teswirleriň tolkunyndan soň döredildi. Şu günki günde hyzmatyň müşderileriniň hatarynda ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň (amerikan futboly) toparlary, «Nascar» ýaryş assosiasiýasy we «Marks & Spencer» kompaniýasy bar. Futbolda bu tehnologiýa 2020-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyndan soň Angliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary Bukaýo Saka, Markus Reşford we Jeýdon Sanço ýaly oýunçylaryň ýüzbe-ýüz bolan kemsitmelerinden soň giňden ýaýrady.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......