Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

  • düýn 12:21
  • 1.9k+

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy.

Deslapky ylgawlaryň birinde 20 ýaşly ýaş türgen aralygy 12,75 sekuntda geçmegi başardy. Onuň öňki şahsy iň gowy görkezijisi 13,01 sekunta deňdi.

Mundan öňki dünýä rekordy bolsa başga bir amerikan türgeni Aris Merritte degişlidi. Ol 2012-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Belgiýada geçirilen ýaryşda aralygy 12,80 sekuntda geçipdi.

2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bu ugurda amerikaly Grant Holloueý ýeňiji boldy. Ol final ylgawynda 12,99 sekunt netije görkezdi.


düýn 18:58
5.5k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....