Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder
2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....
2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....
Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi...
Huawei kompaniýasy sport dünýäsiniň rowaýaty şahsyýeti, marafonçy Eliud Kipçoge we professional Dsm-firmenich topary bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady — ylgawçylar üçin niýetlenen täze we ýöriteleşdirilen Running Watch seriýasyny hödürlemekdir...
Belgiýaly ýeňil atletikaçy Tim Wan de Welde Tokioda geçirilen dünýä çempionaty-2025-de görkezen asylly hereketi üçin Feýr Pleý halkara baýragyna mynasyp boldy. Päsgelçilikli 3000 metr aralyga ylgawda onuň garşydaşy, kolumbiýaly Karlos San Martin pellehana golaýda nobatdaky päsgelçilikden geçende agyr şikes aldy...
Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis we amerikaly ylgawçy Sidni Maklaflin-Lewron Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) tarapyndan ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy ýekşenbe güni Monakoda geçirildi...
ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy Tokioda geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy. Topar 4х400 m estafeta ýaryşynda 3 minut 16,16 sekunt netije bilen ýeňiji boldy. Bu dünýä çempionatynyň täze rekordydyr...
Amerikaly sprinter Noa Laýls Tokiodaky dünýä çempionatynda 200 m aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Ol finalda 19,52 sekunt netijäni görkezdi. Ikinji orny onuň watandaşy Kenni Bednarek eýeledi (19,58), üçünji orna ýamaýkaly Braýan Lewell mynasyp boldy (19,64)...
Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy...
ABŞ-dan dört gezek Olimpiýa çempiony Sidni Maklaflin-Lewron Tokioda geçirilýän ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 400 metr aralyga ylgamakda altyn medal gazandy. Onuň netijesi 47,78 sekunt bolup, bu dünýä çempionatynyň rekordy we taryhda ikinji görkezijidir...
Keniýaly ylgawçy Feýt Kipýegon ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 1500 metr aralyga ylgaw ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Tokiodaky ýaryşlarda türgen ony 3:52,15 netijesi bilen tamamlady. Kümüş medaly onuň watandaşy Dorkus Ewoý (3:53,92), bürünç medaly awstraliýaly Jessika Hall (3:55,16) aldy...
Tokioda ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda taryhda ilkinji gezek marafonyň ýeňijisi fotofinişiň kömegi bilen kesgitlendi. Dünýä çempiony Alfons Feliks Simbu (Tanzaniýa) we kümüş baýragyň eýesi Amanal Petros 42,195 km aralygy birmeňzeş wagtda – 2 sagat 9 minut 48 sekuntda ylgap geçdi...
Şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis Budapeştdäki Memorial Iştwan Dýulaýda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,29 metr beýiklikden geçdi. Bu onuň tomusda ikinji we karýerasynda 13-nji rekordy boldy. Iýul aýynda 25 ýaşly türgen Stokgolmdaky “Brilliant ligasy” tapgyrynda birinji synanyşykda 6,28 metr netijäni görkezdi...
Norwegiýaly Karsten Warholm Osloda geçirilen “Bişletdäki oýunlarda” päsgelçilikli 300 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda ilkinji bolup bu aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi – onuň netijesi 32,67 sekunt boldy...
London marafony 2025-nji ýylda Brand Finance kompaniýasy tarapyndan düzülen marafon brendleriniň dünýä reýtinginde birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, Nýu-Ýork we Pariž marafonlary ýerleşdi...
Olimpiada-2024-üň kümüş medalynyň eýesi, efiopiýaly ýeňil atletikaçy Tigist Assefa London marafony – 2025-iň ýeňijisi boldy. Ol 2:15.50,0 netijäni görkezip, zenanlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord Peres Jepçirçire (2:16...
Bostonda hasap boýunça 129-njy marafon geçirildi. World Maratfon Majors seriýasyna girýän bu marafon dünýäde iň gadymy marafon bolup, ol 1897-nji ýyldan bäri geçirilýär. Zenanlaryň arasynda 31 ýaşly keniýaly Şaron Lokedi ýeňiş gazandy...
Günorta afrikaly ýeňil atletikaçy Akani Simbine yzygiderli 11 möwsümiň dowamynda 100 metr aralygy 10 sekuntdan hem az wagtda ylgap geçmek bilen, rekord goýdy diýip, Track & Field Gazette habar berýär. Türgen on möwsümiň dowamynda şeýle tizligi görkezmegi başaran ýamaýkaly meşhur ylgawçy Useýn Boltuň netijesinden hem öňe geçdi...
Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesi kanadaly Ewan Danfi 35 km aralyga sport ýörişinde täze dünýä rekordyny goýdy. Slowakiýanyň Dudinse şäherinde geçirilen ýaryşda ol bu aralygy 2:21.40...
2-nji martda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen “Tokio marafony - 2025” çäresine gatnaşdy. Bu gezek dünýäniň dürli künjeklerinden jemi 38 müňden gowrak gatnaşyjylary...
Iki gezek Olimpiýa çempiony şwesiýaly Arman Dýuplantis şestli bökmekde özi tarapyndan goýlan dünýä rekordyny nobatdaky gezek täzeledi. Bu gezek ol rekordy Fransiýanyň Klermon-Ferran şäherinde geçirilen ýaryşda...
Ugandanyň wekili Jeýkob Kiplimo ýarym marafon aralygyna ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Ol Barselonada geçirilen ylgaw ýaryşynda 21,1 km aralygy 56 minut 42 sekuntda geçdi. Bu aralykda öňki dünýä rekordy 2024...
Amerikaly ýeňil atletikaçy Grant Fişer ABŞ-da geçirilen ýaryşda ýapyk binada 5000 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Bu onuň bir hepdede eýýäm ikinji dünýä rekordydyr diýip, TASS habar berýär. Fişer...
Amerikaly ýeňil atletikaçy Grant Fişer ýapyk binada 3000 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. ABŞ-daky ýaryşda türgen bu aralygy 7 minut 22,91 sekuntda geçdi diýip, TASS habar berýär. Fişer efiopiýaly...
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary sportuň ýeňil atletika, kik-boks we uşu görnüşleri boýunça okuw kitaplaryny neşir etdiler. Bu okuw kitaplary ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr...
Halkara Ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (World Athletics) ukrainaly beýiklige böküji Ýaroslawa Maguçihi 2024-nji ýylyň iň gowy zenan ýeňil atletikaçysy diýip ykrar etdi. Bu barada federasiýa ýekşenbe...
13-nji oktýabrda Çikagoda meýjorlar seriýasyndan marafon geçirildi. Professional ylgawçylar üçin esasy hasaplanýan iň uly alty marafon Tokioda, Bostonda, Londonda, Berlinde, Çikagoda we Nýu-Ýorkda geçirilýän marafonlary...
Pariždäki Olimpiýa marafonynda 2022-nji ýylyň dünýä çempiony, 32 ýaşly efiopiýaly Tamirat Tola ýeňiji boldy. Ol 42 km 195 m aralygy 2 sagat 6 minut 26 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ikinji orny...
Sports Illustrated we PIX11 ýaly amerikan neşirleri türkmen ýeňil atletikaçysy Walentina Meredowanyň Parižde Olimpiýa oýunlaryna eden hereketine üns berdiler. 2-nji awgustda, 100 metr aralyga ylgamakda aýallaryň...
Pariždäki Olimpiadada erkekleriň arasynda 100 metre ylgamak boýunça ahyrky ýaryş geçirildi. Ýeňijini kesgitlemek üçin guramaçylar fotofinişe ýüz tutmaly boldular – amerikaly sprinter Noa Laýls ýamaýkaly Kişan Tompsondan...
Amerikaly ylgawçylar Parižde Olimpiýa oýunlarynda 4х400 m garyşyk estafetada dünýä rekordyny goýdular. ABŞ-nyň topary bu aralygy 3.07,41 wagtda geçmegi başardylar. Bu rekord 3-nji awgustda, şenbe güni geçirilen...
Ugandadan Joşua Çeptegei 10 000 metre ylgawda Olimpiýa oýunlary-2024-üň altyn medalyny gazandy we täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ol bu aralygy 26:43,14 wagtda geçip, 2008-nji ýyldan bäri saklanýan efiopiýaly Kenenisa...
Parižde 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda Türkmenistanyň ýeke-täk wekili Walentina Meredowa çykyşlaryny tamamlady. 39 ýaşly türgen 100 metr aralyga ylgamakda deslapky tapgyrda...
Ukrainaly zenan ýeňil atletikaçy Ýaroslawa Maguçih Parižde geçen Brilliant ligasynyň tapgyrynda beýiklige bökmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy, türgen 2,10 metr netijäni görkezdi. Öňki rekord 1987-nji ýylda...
Amerikaly ýeňil atletikaçy Sidni Maklaflin-Lewron päsgelçilikli 400 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol ABŞ-nyň Pariždäki 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna milli saýlama ýaryşynyň finalynda 50...
Rimde geçirilen Ýewropa çempionatynda çykyş eden ispaniýaly türgen Laura Garsiýa-Karo 20 km aralyga pyýada ýöreýiş ýaryşynda dördünji orny eýeläp, wagtyndan öň ýeňşi bellemegi sebäpli medalsyz galdy. Bu barada...
Keniýaly ylgawçy Roneks Kipruto antidoping düzgünlerini bozandygy üçin alty ýyl diskwalifikasiýa edildi. Bu barada Ýeňil atletikada ýaramaz hadysalara garşy göreşmek boýunça garaşsyz edaranyň (AIU) saýtynda habar...
Halkara ýeňil atletika federasiýalary birleşigi (World Athletics) täze abraýly ýaryşyň - World Athletics Ultimate Championship-iň döredilendigini habar berdi. Iki ýyldan bir gezek geçiriljek bu ýaryş ýeňil atletika...
Keniýaly zenan ylgawçy Beatris Çebet Ýujinde (ABŞ) geçirilen "Brilliant ligasynyň" tapgyrynda 10 000 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy diýip, RBK ýazýar. 24 ýaşly türgen 28 minut 54,14 sekunt netije...
Ýamaýkaly sprinter – gysga aralyga ylgaýan ylgawçy, sekiz gezek Olimpiýa çempiony we 11 gezek dünýä çempiony Useýn Bolt 2009-njy ýylda Berlinde geçirilen dünýä çempionatynda sagatda 37,578 km tizlik bilen 100 metr...
Şestli bökmegiň ussady, şwesiýaly türgeni Armand Dýuplantis 6,24 metr beýiklige böküp, ýene-de dünýä rekordyny täzeledi. Bu üstünlik Hytaýyň Sýamyn şäherinde Göwher liga tapgyrynda hasaba alyndy diýip, RBK habar...