Şwesiýaly türgen Dýuplantis şestli bökmekde  sekizinji gezek dünýä rekordyny täzeledi

  • 22.04.2024 20:16
  • 8.1k+

Şestli bökmegiň ussady, şwesiýaly türgeni Armand Dýuplantis 6,24 metr beýiklige böküp, ýene-de dünýä rekordyny täzeledi. Bu üstünlik Hytaýyň Sýamyn şäherinde Göwher liga tapgyrynda hasaba alyndy diýip, RBK habar berýär.

24 ýaşly türgen garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik galdyrmazdan, ynamly ýeňiş gazandy. Kümüş medala amerikaly Sem Kendriks (5,82 metr), bürünç medala bolsa hytaýly Huan Bokaýu (5,72 m) eýe boldy.
Bu eýýäm Dýuplantisiň karýerasyndaky sekizinji dünýä rekordy. Öňki rekordy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýujinede (ABŞ) goýlup, beýiklik 6,23 metre deň bolupdy.
Şwesiýaly türgen häzirki Olimpiýa çempiony (Tokio 2020), iki gezek dünýäniň we Ýewropanyň çempiony.
Dýuplantis ýeňil atletikanyň taryhynda iň güýçli türgenleriň biri hasaplanýar. 2020-nji ýylyň fewral aýyndan bäri bu sportda rekord eýesi bolup gelýär.


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....