Efiopiýaly Assefa dünýä rekordy bilen Berlin marafonynda ýeňiji boldy

  • 26.09.2023 10:25
  • 8.3k+

Efiopiýaly ylgawçy Tigist Assefa Berlin marafonynda ýeňiji bolup, dünýä rekordyny iki minutdan gowrak wagt bilen täzeledi. Assefa 42 km 195 m aralygy 2 sagat 11 minut 53 sekuntda geçdi. Öňki rekord keniýaly Brijit Kosgeýe degişli bolup (2 sagat 14 minut 4 sekunt), 2019-njy ýylda Çikagoda (ABŞ) goýuldy.

Ikinji orny keniýaly Şeýla Çepkirui eýeledi, ol Assefadan tas 6 minut yza galdy, üçünji orna Tanzaniýadan Magdalena Şauri mynasyp boldy.
Öň, Assefa orta aralyklarda çykyş edýärdi, marafona bolsa diňe geçen ýylyň aprel aýynda gatnaşyp başlady.
Erkekleriň arasynda ylgawda keniýaly Eliud Kipçoge (2 sagat 2 minut 42 sekunt) ýeňiji boldy, ol Berlinde rekord bäşinji ýeňşini gazandy.
Berlin marafony 1974-nji ýyldan bäri geçirilýär.


düýn 21:03
747

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....