Türkmenistanda ýeňil atletika, kik-boks we uşu boýunça okuw kitaplary neşir edildi

  • 09.02.2025 19:19
  • 3.5k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor-mugallymlary sportuň ýeňil atletika, kik-boks we uşu görnüşleri boýunça okuw kitaplaryny neşir etdiler.
Bu okuw kitaplary ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryndan başga-da, ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdepleriniň okuwçylary, bu ugurda içgin iş alyp barýan hünärmenler, şol sanda türgenler we tälimçiler, sportuň bu görnüşleri bilen gyzyklanýan islendik ýaşdaky adamlar üçin niýetlenendir.
Kitaplar “Ylym” neşirýaty tarapyndan neşir edildi.


«Ýeňil atletikanyň nazaryýeti we usulyýeti»
atly okuw kitaby institutyň Ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň professor-mugallymlary Döwletgeldi Mämmedow, Halmyrat Nepesow, Serdar Nurmyradow, Saparmyrat Mämmedow tarapyndan neşir edildi. Kitap 21 bapdan ybaratdyr. Kitapda ýeňil atletika sportunyň ähli görnüşleriniň tehnikalary we şol tehnikalary özleşdirmegiň aýratynlyklary‚ sport taýýarlygynda ulanylýan usullar we serişdeler‚ şeýle hem türgenleşigiň meýilleşdirme işi barada we ýeňil atletika ýaryşlarynyň kadalary bilen tanyşmak mümkindir.

«Kik-boksuň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitabyny Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň professor-mugallymlary Soltanmyrat Esenow, Allaberdi Omarow we Şöhrat Hallyýew taýýarladylar. Kitapda kik-boksuň taryhy, onuň döreýiş we ösüş tapgyrlary, kik-boksçy türgenleriň beden taýýarlygy, kik-boks sportunyň tehnikasy we taktikasy, kik-boksçularyň psihologik taýýarlygy, olaryň iýmitlenmek kadalary, kik-boks sportunyň düzgünleri, kik-boksda ýüze çykýan sport şikesleri barada giňişleýin beýan edilýär.

«Uşunyň nazaryýeti we usulyýeti» okuw kitaby Sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň professor-mugallymlary Wepa Ýazberdiýewiň, Welmyrat Hojamyradowyň, Süleýman Jumagylyjowyň, Resul Myratdurdyýewiň awtordaşlygynda çap edildi. Kitapda sportuň bu görnüşinde türgenleşik geçmegiň düzgün-kadalary, emelleri ýerine ýetirmegiň yzygiderliligi öz beýanyny tapýar. Kitap uşu sungatynyň şol emellerini, aýratynlyklaryny öwrenmäge ýardam eder.


03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......