Efiopiýaly Tigist Assefa London marafonynda täze dünýä rekordy bilen ýeňiji boldy

  • 29.04.2025 19:07
  • 6.5k+

Olimpiada-2024-üň kümüş medalynyň eýesi, efiopiýaly ýeňil atletikaçy Tigist Assefa London marafony – 2025-iň ýeňijisi boldy. Ol 2:15.50,0 netijäni görkezip, zenanlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki rekord Peres Jepçirçire (2:16.16,0) degişlidi.

London marafonynda ikinji bolup pellehana keniýaly Joýsilin Jepkosgeý geldi (2:18.43,0). Niderlandlardan Olimpiýa çempiony Sifan Hassan üçünji boldy (2:18:59,0).
Tigist Assefa karýerasynda üçünji marafon tizligini görkezdi. Mundan öň 2023-nji ýylda Berlinde ýeňiş gazanmak üçin 2:11.53,0 netijäni görkezipdi we bu şol wagt garyşyk ylgaw ýaryşynda zenanlaryň marafony üçin dünýä rekordydy. Şeýle-de, ol 2022-nji ýylda Berlinde 2:15.37,0 netijäni görkezdi. 


26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....