Keniýaly ylgawçy doping zerarly alty ýyl diskwalifikasiýa edildi we dünýä rekordyndan mahrum boldy

  • 07.06.2024 13:46
  • 11k+

Keniýaly ylgawçy Roneks Kipruto antidoping düzgünlerini bozandygy üçin alty ýyl diskwalifikasiýa edildi. Bu barada Ýeňil atletikada ýaramaz hadysalara garşy göreşmek boýunça garaşsyz edaranyň (AIU) saýtynda habar berilýär.

Kipruto 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda ýaryşlardan wagtlaýyn çetleşdirildi. Türgeniň diskwalifikasiýasy 2029-njy ýylyň 10-njy maýynda tamamlanar. AIU-nyň çözgüdinde Kiprutonyň ençeme wagtlap, şol sanda Olimpiadada çykyş etmek mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin doping ulanandygy aýdylýar. Onuň antidoping pasportynda ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň ilkinjisi 2018-nji ýylyň iýul aýy bilen senelenýär. Şu seneden başlap, onuň gazanan ähli netijeleri güýjüni ýitiren diýlip hasaplandy.
Kipruto 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalyndan, şeýle-de 10 km aralyga şosse ylgawyndaky rekordyndan mahrum boldy. Onuň rekordy 26 minut 24 sekunta deň bolupdy. 
Türgen özüniň bigünädigi barada hiç hili subutnama bermedi, ýöne ol Sport Arbitraž Kazyýetinde (CAS) bu karara garşy çykyp biler.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.4k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....