Norwegiýaly Warholm taryhda ilkinji bolup päsgelçilikli 300 m aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi

  • 15.06.2025 23:00
  • 5.1k+

Norwegiýaly Karsten Warholm Osloda geçirilen “Bişletdäki oýunlarda” päsgelçilikli 300 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy. Ol taryhda ilkinji bolup bu aralygy 33 sekuntdan tiz ylgap geçdi – onuň netijesi 32,67 sekunt boldy.

Werholm päsgelçilikli 400 metr aralyga ylgamakda Olimpiýa çempiony we üç gezek dünýä çempionydyr. Ýöne bu gezek oňa adaty bolmadyk aralykda – päsgelçilikli 300 metrde üstünlik gazanmak başartdy. Bu dissiplina Olimpiýa oýunlarynyň we dünýä çempionatlarynyň programmasyna girmese-de, ýeňil atletikanyň janköýerleriniň arasynda örän meşhurdyr.

“Men garşydaşlarymdan yza galypdym, ýöne soňky 50 metrde tizligimi artdyrdym. Möwsümiň başynda päsgelçilikli 300 metrde şeýle netijäni görkezmek! Bu meniň 400 metr tekiz aralygy hem örän gowy wagt bilen geçip biljekdigimi aňladýar. Muny ýekşenbe güni ýaryşlarda etmäge synanyşaryn” – diýip, Warholm World Athletics portalynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.


26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....