Jeff Bezos bilen Loren Sançesiň Wenesiýadaky toýy brendlere 222 mln dollar girdeji getirdi. Şeýle baha metbugatda, sosial ulgamlarda we mediakanallarda agzalýar diýip, Launchmetrics analitiki kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, WWD habar berýär.
Hususan-da, Dolce&Gabbana moda öýi uly peýda gazandy: gelniň köýnegi brende 14,5 mln dollar getirdi, bu bolsa onuň 2025-nji ýylyň güýzki moda görkezişiniň girdejisinden ýokarydyr.
“Asyryň toýunda” gazanan beýleki brendleriň arasynda Schiaparelli ($4 mln), Versace ($2,8 mln), Oscar de la Renta ($2,7 mln), Alexander McQueen we Dior (hersi $1,6 mln) bar.
Üç günlük dabara 200 töweregi myhman, şol sanda Kardaşýan maşgalasy-Jenner, Leonardo DiKaprio, Opra Uinfri, Orlando Blum, Iwanka Tramp we Sidni Suini gatnaşdy. Ýerli aktiwistleriň nägileligine garamazdan, dabara Wenesiýanyň býujetine 957 mln ýewro (takmynan, 1,1 mlrd dollar) getirdi. Bu mukdar şäheriň syýahatçylardan alýan ýyllyk girdejisiniň 67%-ine barabardyr.