Tutuş zenanlardan ybarat ekipaž Blue Origin raketasy bilen kosmos syýahatyndan soň sag-aman Ýere dolanyp geldi

  • 14.04.2025 22:50
  • 7.2k+

Şu gün, 14-nji aprelde, Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard atly suborbital kosmos gämisiniň 31-nji missiýasynyň çäklerinde hususy uçuş amala aşyryldy.

Kosmos gämisiniň ekipažynda alty sany zenan bardy: aýdymçy Keti Perri, kinoprodýuser Keriann Flinn, «CBS Mornings» gepleşiginiň žurnalisti we alyp baryjysy Geýl King, STEMBoard kompaniýasynyň baş direktory we NASA-nyň öňki raketa alymy Aişa Bou, bioastronawtika ugry boýunça gözlegçi alym Amanda Nguen hem-de missiýanyň ýolbaşçysy, Blue Origin kompaniýasyny esaslandyran Jeff Bezosyň gelni Loren Sançes.
New Shepard raketasy ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky kosmodromdan, Grinwiç wagty bilen sagat 13:30-da (Aşgabat wagty bilen sagat 18:30-da) uçuryldy. Uçuş, takmynan, 10,5 minut dowam etdi. Uçuşdan 2,5 minut soň, ýolagçyly kapsula raketadan aýrylyp, atmosferanyň we kosmosyň arasyndaky çäk hökmünde kabul edilýän Karman çyzygynyň üstünden geçdi. Zenanlar dartuw güýjünden dört minutlap halas bolup, agramsyzlyk ýagdaýynda boldular, soň gämi Tehasdaky uçurylyş nokadynyň golaýyndaky meýdança sag-aman gondy. Gaýdyp gelenlerinden soň, Keti Perri dyzyna çöküp, Tehasyň topragyny ogşady.

Bu 1963-nji ýylda Walentina Tereşkowa uçaly bäri, diňe zenanlardan ybarat bolan ilkinji kosmos missiýasy boldy. New Shepard kosmos gämisi dolulygyna awtomatik dolandyryşlydy, ýagny ony ekipažyň dolandyrmagy zerur däldi.
Perri uzak wagtdan bäri kosmosa çykmagy arzuw edip gelýändigini aýtdy. «Kosmos ahyrsoňy gözgamaşdyryjy bolar» — diýip, ol uçuşyň öň ýany aýtdy. Ol muny gyzy Deýzi üçin edýändigini aýdyp, şeýle diýdi: «Oňa her kimiň — gelip çykyşyna, milletine, ykdysady ýagdaýyna ýa-da bilim derejesine garamazdan — öz arzuwlaryny amala aşyryp bilýändigini görkezmek isleýän. Ol entek bary-ýogy dört ýaşynda, ýöne eýýämden gaty arzuwçyl. Emma men muny diňe onuň üçin däl, eýsem geljekki ähli nesiller üçin edýärin».




düýn 22:53
3.5k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
1.8k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......