Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

  • 15.05.2026 10:31
  • 2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, älem sapary 14 gün dowam eder.

Häzirki wagtda Özbegistan dünýäniň iň iri älem döwletleri bilen gepleşikler geçirýär. Ibragimow bu baradaky interwýusynda:«Dünýäde adamly älem uçuşlaryny amala aşyryp bilýän üç sany döwlet bar: ABŞ, Russiýa we Hytaý. ABŞ we Russiýa kosmonawtlary Halkara kosmos stansiýasyna iberýärler. Hytaýyň bolsa özüne degişli aýrybaşga älem stansiýasy bar. Biz häzir ähli taraplar bilen gepleşikleri geçirýäris we olar hyzmatdaşlyga taýýardygyny bildirdi. Biziň kosmonawtymyz älemden eli boş dolanman, öz ýany bilen, iň bolmanda, belli bir ylmy synaglaryň netijelerini getirer» diýip, matlaplaryny düşündirdi.

Ilkinji kosmonawty taýýarlamak üçin hökümet komissiýasy dörediler we olar dalaşgärleri saýlap alarlar. Kosmonawt bolmak isleýänlere bildirilýän esasy talaplar şulardan ybarat:

  • Ýaşy: 27 — 40 ýaş aralygy;
  • Bilimi: ýokary;
  • Boýy: 160 — 190 sm aralygy;
  • Agramy: 50 — 95 kg aralygy;
  • Dil bilimi: daşary ýurt dillerini bilmeli.

Golaýda Özbegistanyň Prezidentine ýurtda ilkinji hemrany uçurmak we ilkinji özbek kosmonawtyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň deslapky tapgyrlary barada hasabat berildi.


şu gün 10:21
1.1k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

22.06.2026 22:53
6.3k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......