Meşhur aýdymçy Keti Perri kosmosa çykar

  • 01.03.2025 21:37
  • 4.8k+

Keti Perri kosmos syýahatçysy bolar. Meşhur aýdymçynyň Jeff Bezosyň kosmos gämisi bilen uçjakdygy barada Blue Origin aerokosmiki kompaniýasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Täze kosmos syýahatçylarynyň topary diňe zenanlardan ybarat bolar. Toparyň düzüminde Keti Perriden başga-da, «CBS Mornings» gepleşiginiň alyp baryjysy Geýl King we Bezosyň maşgalasy Loren Sançes hem bar. NS-31 missiýasynyň ýaz paslynda uçurylmagy meýilleşdirilýär.

«Nädip düşündirjegimi bilemok, hem gorkýan, hem tolgunýan. Bu çaga dogurmazdan ozalky özümi duýşuma meňzeýär» — diýip, 70 ýaşly King öz duýgularyny paýlaşdy.

Bu missiýa Blue Origin kompaniýasynyň «New Shepard» maksatnamasynyň çäklerindäki 11-nji adamly uçuş, kompaniýanyň umumy taryhyndaky 31-nji uçuş bolar. 1963-nji ýylda sowet kosmonawty Walentina Tereşkowa kosmosa ýeke uçanyndan soň, ilkinji gezek diňe zenanlardan ybarat ekipaž kosmosa uçar.
Belläp geçsek, 2023-nji ýylyň maý aýynda Blue Origin NASA bilen şertnama baglaşyp, Aýa astronawtlary alyp gitjek kosmos gämisini işläp taýýarlamaga hukuk gazanypdy.


düýn 22:53
3.5k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
1.8k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......