Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

  • 30.06.2025 18:26
  • 13k+

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy. Konsertde meşhur türk pop ýyldyzy Simge Sagyn, Edis Görgülü, özbek aýdymçysy Žasurbek Mawlonow, Tatarystan Respublikasynyň halk artisti we tatar medeniýetiniň görnükli wekili Elmira Kalimullina, dünýä belli “Aý Ýola” topary çykyş etdi.
Simge Sagyn “Altyn Kelebek” we Radio Boğaziçi Music Awards ýaly abraýly baýraklara ençeme gezek mynasyp boldy. Ýyldyzyň döredijiligine Türkiýede we daşary ýurtlarda ýokary baha berilýär.
Edis Görgülü aýdym-saz hünär ýoly, tiz wagtda Türkiýede we daşary ýurtlarda tanalmagyna sebäp bolan "Benim Ol" aýdymyndan başlandy. Artist täsirli sesi, häzirki zaman we ajaýyp sahna çykyşlary bilen tanalýardy. "Roman", "Martılar", "Nirvana" we "Yalancı", ýaly aýdymlary internet aýdym-saz sanawlarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýärdi we sanly ulgamda millionlarça tomaşa ýygnady.
Elmira Kalimullina güýçli wokal we özüne çekiji zehinli aýdymçy. Onuň aýdymlarynda milli tatar däp-dessurlary, şeýle hem tomaşaçylarda özüne çekiji täsirleri döredýän häzirki zaman sazlary bar.

“Aý Ýolanyň” topary özüniň özboluşly stili bilen dünýä tanaldy. Olaryň "Ural Batyr" albomyndan çykan "Homaý" aýdymy, adaty Başkir milliliklerini häzirki zaman elektroniki usullaryny ussatlyk bilen birleşdirip, özboluşly ses döredýär.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......