Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder

  • 03.07.2025 11:18
  • 14k+

Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär.

Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy. Patyşa otaglarynyň sakçysy Jeýms Çalmers bu çözgüdi serişdeleriň oýlanyşykly sarp edilmeginiň we baha bilen hil deňagramlylygyny saklamak isleginiň mysaly diýip atlandyrdy.
Otlyny saklamak üçin ýylda 1 mln funt sterlingden gowrak serişde sarp edilýär. Bu mukdar otlyny iş ýagdaýynda saklamak, duralga, işgärleriň zähmet tölegleri we patyşa maşgalasynyň agzalaryny gatnatmak üçin çykdajylary öz içine alýar.
Şa aýaly Ýelizaweta II-niň aýratyn gowy gören demirýol ulagy iki sany täze dikuçar bilen çalşylar.
Patyşa otlusy 1977-nji ýylda ulanylyşa girizildi we gysga wagtda milli nyşana öwrüldi. Lokomotiwler ösümlik ýagynyň galyndylaryndan ekologiýa taýdan arassa bioýangyjy ulanýar diýip, köşgüň 2020-nji ýyldaky hasabatynda aýdylýar.







14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...