Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam etdirjekdigini habar berdi.
«Meniň kabul eden her bir çözgüdim öz söýýän ýurdumy hemme zatdan ýokary goýmak islegimden ugur aldy. Edil şu sebäpli hem men wezipämden çekilýärin» – diýip, ol Londonyň Dauning-strit köçesinde eden çykyşynda aýtdy.
Starmeriň sözlerine görä, partiýanyň lideri wezipesine dalaşgärleri görkezmek işi 9-njy iyulda başlar we parlamentiň tomusky dynç alyş günlerine çenli tamamlanar, munuň özi bolsa täze ýolbaşça sentýabr aýynda parlament işe başlamazdan ozal wezipesine girişmäge mümkinçilik berer.
«Men saýlawlar tamamlanýança premýer-ministr wezipesinde galaryn we häkimiýetiň tertipli tabşyrylmagyny üpjün etmek üçin elimde baryny ederin. Şeýle hem öz ýerime geljek şahsa doly we gürrüňsiz goldaw bererin. Indi oňa mundan iki ýyl ozal meniň kabul edip alanymdan has güýçli we adalatly bolan Britaniýa galar» – diýip, Starmer mälim etdi.
Ol mundan alty ýyl ozal «syýasy, maliýe we ahlak taýdan çöken» partiýa ýolbaşçylyk edendigini hem-de şonda özüne «saýlawlarda köpçüligiň sesini gazanmagyň mümkin däldigini» aýdandyklaryny ýatlap geçdi. Ýöne Starmeriň aýtmagyna görä, häzir leýboristler üýtgedi: partiýa ykdysadyýet we goranmak meselelerinde ynamy dikeltmegi başardy we ýene-de «[Britaniýanyň] baýdagyna garşy däl-de, şol baýdagyň astynda buýsanç bilen çykyş edýän partiýa» – öwrüldi.
«Özgertmeler baradaky agyr işler diňe bir maksat bilen — häkimiýet ugrunda häkimiýet däl-de, Britaniýany gowulyga tarap üýtgetmek maksady bilen alnyp banyldy» – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.