Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Lordlar palatasynyň kabul eden kanuny onuň soňky görnüşidir.
Şu ýylyň bahar paslynda häzirki parlament sessiýasy tamamlanandan soň, degişli ýüzler asylzadalygy ýa-da gelip çykşy boýunça ýokary palatada orun alyp bilmezler.
Lordlar palatasynyň lideri Anjela Smit bu kararyň «hiç bir adamyň miras boýunça parlament agzasy bolmaly däldigi» baradaky ýörelgä esaslanýandygyny belledi. Bu özgerişlik 1999-njy ýylda Toni Bleriň hökümeti tarapyndan başlanypdy. Şol wagt 600-den gowrak mirasdar perden diňe 92-sine wagtlaýynça galmaga rugsat berlipdi. Täze kanun bolsa bu eglişigi hem doly ýatyrýar.
Kir Starmeriň hökümeti bu meselede konserwatorlar bilen käbir ylalaşyklara hem gitdi. Şoňa görä, orunlaryny ýitirýän käbir perlere palatanyň işine gatnaşmagyny dowam etdirmäge mümkinçilik berýän «ömürlik derejeler» hem berlip bilner.
Kabinet ministri Nik Tomas-Saýmonds bolsa bu taryhy ädimiň maksadyny: «Parlament ähli wagtlarda hem zehiniň we bitirilen işleriň gadyry bilinýän ýer bolmalydyr. Ol hiç wagt mundan näçe asyr öň paýlanan titullaryň halkyň erkiniň üstünden höküm sürýän ýeri bolmaly däldir» diýip düşündirýär.
Konserwatorlaryň Lordlar palatasyndaky wekili Lord Tru bu kanun taslamasyny kärdeşleri üçin «ajy derman» diýip atlandyrdy we onlarça ýoldaşy üçin aprel aýynyň agyr hoşlaşyk aýy boljakdygyny aýtdy.
Häzirki wagtda Britaniýanyň parlamentinde 84 sany mirasdar per bar. Şu güne çenli dünýäde diňe Beýik Britaniýa we Lesoto döwletleri öz kanun çykaryjy edaralarynda mirasdüşer asylzadalyk elementini saklap gelýärdi.