Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

  • 27.02.2026 18:19
  • 4.4k+

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda «Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa» görnüşinde ilkinji ministrler duşuşygyny geçirmek başlangyjy üçin britan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ykdysadyýeti emele getirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtaldy we Birleşen Patyşalyk bilen özara gatnaşyklaryň esasy ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Şolaryň hatarynda energetika we dekarbonizasiýa, şol sanda nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, şeýle hem döwrebap maliýe we söwda tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Londonyň dünýä maliýe merkezi hökmündäki tejribesini ulanmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Tehnologiýa pudagyndan başga-da, hukuk, konsalting we audit ugurlaryndaky hünär hyzmatlary, şeýle hem Merkezi Aziýanyň üstaşyr kuwwatyny berkitmek üçin ulag-logistika ulgamyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.

Söhbetdeşligiň çäginde gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň we sebit howpsuzlygynyň möhüm meselelerine hem degip geçdi.

Çykyşynyň ahyrynda R.Meredow Türkmenistanyň anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde işjeň we mazmunly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......