Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

  • 27.02.2026 18:42
  • 5.1k+

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Lankaster-haus binasynda geçirilen gepleşiklere Ýewropa, Demirgazyk Amerika we daşarky çäkleri boýunça ministr Stiwen Dauti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit gün tertibiniň we möhüm halkara meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdy. «Merkezi Aziýa – Birleşen Patyşalyk» görnüşindäki ilkinji ministrler duşuşygynyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy.

Türkmenistan halkara meseleleriniň BMG-niň Düzgünnamasynyň esasynda diňe parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady. Gepleşiklerde ýaşyl tehnologiýalar, sanlylaşdyrmak, ulag we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryna seredildi.

Günüň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň iş naharyna gatnaşdy. Raşid Meredow öz çykyşynda birnäçe anyk başlangyçlary, şol sanda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny ýola goýmagy we «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze formaty döretmegi teklip etdi.

Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek meselesine aýratyn üns berlip, munda TOPH gaz geçirijisi, elektrik geçiriji ulgamlary we demir ýol taslamalarynyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de, ministr Britaniýanyň hukuk we maslahat beriş kompaniýalaryny çekmek arkaly tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegi we serhetüsti söwdada aýdyňlygy üpjün etmek üçin sanly çözgütleri ornaşdyrmagy teklip etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda sebitde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek üçin Beýik Britaniýanyň tehnologik mümkinçiliklerini hem-de sebit ýurtlarynyň diplomatik tagallalaryny birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......