Arman Dýuplantis şestli bökmekde 12-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi

  • 16.06.2025 11:05
  • 4.4k+

Iki gezek Olimpiýa çempiony Arman Dýuplantis şestli bökmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Bu Stokgolmda geçirilen “Brilliant ligasy” tapgyrynda bolup geçdi.

Ol ýaryşda 6,00 metr netije bilen ýeňiş gazandy, soňra birinji synanyşykda 6,28 metr beýiklikden geçdi. Şeýlelikde, şwesiýaly türgen öz rekordyny – şu ýylyň fewral aýynda Fransiýanyň Klermon-Ferran şäherinde goýan 6,27 metr netijesini täzeledi.
25 ýaşly türgen üçin bu karýerasynda eýýäm 12-nji dünýä rekordy boldy. Dýuplantis 2021-nji we 2024-nji ýyllarda Olimpiýa çempiony boldy. Şeýle-de, ol iki gezek – 2022-nji we 2023-nji ýyllarda dünýä çempionatyny utdy hem-de 2018, 2022 we 2024-nji ýyllarda üç gezek Ýewropa çempiony boldy. Ol ýapyk binada geçirilen dünýä çempionatynda (2022, 2024) we Ýewropa çempionatynda (2021) hem ýeňiş gazandy.


düýn 21:03
1.8k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....