Amerikaly ylgawçy Fişer ýapyk binada 3000 metre ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

  • 10.02.2025 16:29
  • 5.3k+

Amerikaly ýeňil atletikaçy Grant Fişer ýapyk binada 3000 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. ABŞ-daky ýaryşda türgen bu aralygy 7 minut 22,91 sekuntda geçdi diýip, TASS habar berýär.

Fişer efiopiýaly Lameça Girmanyň rekordyny täzeledi. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Girma bu aralygy 7 minut 23,81 sekuntda geçipdi.
Bu ýaryşda ikinji orny amerikaly Koul Hoker eýeledi. Ol hem öz gezeginde Girmanyň netijesinden öňe geçmegi başardy – 7 minut 23,14 sekunt.
Mundan başga-da, ABŞ-daky ýaryşlaryň jemi boýunça 1 mil (1 609 metr) aralyga ylgamakda rekord täzelendi. Bu üstünligiň eýesi 3 minut 46,63 sekuntda pellehana gelen amerikaly Ýared Nuguze boldy. Ikinji orny onuň watandaşy Hobbs Kessler eýeledi (3.46,90). Öňki rekord hem efiopiýaly türgene – 2019-njy ýylyň mart aýynda 3 minut 47,01 sekunt netijäni görkezen Ýomif Kejelça degişlidi.


düýn 23:41
3.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

26.06.2026 23:43
9.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....