London marafony Brand Finance reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 19.05.2025 15:05
  • 2.1k+

London marafony 2025-nji ýylda Brand Finance kompaniýasy tarapyndan düzülen marafon brendleriniň dünýä reýtinginde birinji orny eýeledi.

Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, Nýu-Ýork we Pariž marafonlary ýerleşdi.
Brand Finance-iň reýtingine görä, London marafonynyň brend “güýji” (BSI) mümkin bolan 100-den 90,1 bal boldy. Hünärmenler bu çäräniň Beýik Britaniýada we onun çäginden daşary ýokary derejede ykrar edilendigini belledi. London ýaryşynyň abraýy we atmosferasy her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylary, hemaýatkärleri we tomaşaçylary özüne çekýär.
London marafony dünýäniň “meýjorlar” diýlip atlandyrylýan iň uly we ykrar edilen ýedi marafonynyň hataryna girýär. Şeýle-de, bu toparda Nýu-Ýork, Boston, Tokio, Berlin, Sidneý we Çikago marafonlary bar.
Nýu-Ýork marafony 89,7 bal aldy. Şeýle-de, ol marafonlaryň arasynda iň gymmat brend boldy ($292 mln).
“Meýjorlaryň” hataryna girmeýän Pariž marafony 86,6 bal aldy.
Brand Finance-iň maglumatlaryna görä, ýedi “meýjoryň” umumy brend bahasy 937 mln dollara barabar. Hasaplamalar guramaçylaryň girdejilerine: hemaýatkärlik, hasaba alyş töleglerine, grantlara, haýyr-sahawatlara we ygtyýarnama töleglerine esaslanýar.
2024-nji ýylda kabul edýän şäherler üçin dünýäniň iň uly 50 marafonynyň ykdysady täsiri, takmynan, 5,2 mlrd dollar boldy we olardan ýarysy “meýjorlaryň” paýyna düşdi.


düýn 23:53
2.1k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....