Dünýädäki iň gadymy Boston marafony geçirildi. Oňa 29 451 adam gatnaşdy

  • 17.04.2024 18:10
  • 6.5k+

15-nji aprelde dünýädäki iň abraýly marafon ýaryşlarynyň biri bolan 128-nji Boston marafony geçirildi. Bu ýyl efiopiýaly ylgawçy Sisaý Lemma (2:06:17) we keniýaly ylgawçy Hellen Obiri (2:22:37) ýeňiş gazandy. Bu barada “Çempionat” portaly habar berýär.

33 ýaly tejribeli marafonçy Lemma öz garşydaşlaryndan 5 sekunt öňe geçip, Bostondaky ilkinji titulyny gazandy. Ikinji orny onuň watandaşy Mohamed Esa eýeledi, liderleriň üçlügini Boston marafonynyň iki gezek ýeňijisi bolan (2022 we 2023) keniýaly ylgawçy Ewans Çebet jemledi.
Zenanlar kategoriýasynda 5000 metr aralyga ylgamakda Olimpiadanyň baýrak eýesi we dünýä çempiony Obiri keniýaly Şaron Lokediden 8 sekunt öňe geçip, ynamly ýeňiş gazandy. Keniýadan 44 ýaşly Edna Kiplagat Lokediden 44 sekunt yza galyp, üçünji orny eýeledi.
Umuman alanyňda, marafona 129 ýurtdan 29 451 adam gatnaşdy. Ýaryş ýolunyň rekordy üçin bonuslary göz öňünde tutup, ähli kategoriýalar üçin umumy baýrak gaznasy 1 214 500 dollar boldy.
Boston marafony, adatça, aprel aýynyň üçünji duşenbesinde geçirilýär we dünýädäki iň gadymy marafonlaryň biri hasaplanýar.


düýn 12:21
2k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....