Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

  • şu gün 01:02
  • 155

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59 minut 30 sekuntda geçmegi başardy.

London marafonynda ikinji bolup pellehanany Efiopiýanyň wekili Ýomif Kejelça kesip geçdi. Ol ýeňijiden 11 sekunt yza galdy.

Şeýlelikde, Sawe we Kejelça resmi ýaryşlaryň çäklerinde marafon aralygyny iki sagatdan çalt ylgap geçen taryhda ilkinji adamlar boldy.

Belläp geçsek, mundan öňki dünýä rekordy 2023-nji ýylda Çikago marafonynda goýuldy. Şonda keniýaly Kelwin Kiptum bu aralygy 2 sagat 35 sekuntda ylgap geçipdi. 2024-nji ýylda Kiptum 24 ýaşynda awtoulag heläkçiliginde aradan çykdy.


21.04.2026 23:24
2.3k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....

15.04.2026 16:27
6.5k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......

09.04.2026 11:36
1.1k+

World Athletics marafon boýunça aýratyn dünýä çempionatyny döreder

Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasy (World Athletics) özüniň resmi saýtynda 2030-njy ýyldan başlap, marafon ylgawy boýunça aýratyn dünýä çempionatynyň dörediljekdigini yglan etdi....

03.04.2026 23:31
2.2k+

Gazagystan ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

2030-njy ýylda Astana şäherinde Ýeňil atletika boýunça ýapyk binalardaky dünýä çempionaty geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berdi....