Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

  • 01.05.2026 11:50
  • 7.4k+

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär.

Ýüzüş ugry Ord derýasynyň Argaýl kölünden Kununarra şäherine çenli bolan bölegini öz içine aldy. Bu ýerde 5500 sany süýji suw krokodili ýaşaýar, bu bolsa ýüzüşiň her 10 metrinde bir süýreniji bar diýmekdir.

Ýaryş başlamazdan ozal türgeniň topary deslapky barlag işlerini geçirdi. Bu oňa bürgütler, skopalar, jübtünler, ýylanboýunlylar, pyşbagalar we iri lakga balyklar bilen çaknyşmazlyga mümkinçilik berdi.

Endi Donaldson ýüzüşine irden sagat 05:38-de başlady. Soňra howanyň temperaturasy +34 °C-a çenli ýokarlandy. Şol pursatda ony ugradýan gaýyklar türgene kölege salmaga çalyşdy. Şeýle hem süýji suwda ýüzüjiligi peseldýän duzuň azlygy hem ýagdaýy kynlaşdyrdy.

Garaşylmadyk garşylyklaýyn şemal we suwuň akymsyz bölekleri-de ýene bir päsgelçilik boldy. Muňa garamazdan, türgen sagat 17:29-a çenli Kununarradan alty kilometr uzaklykdaky kenara ýetmegi başardy.

«Beýle kynçylyklary hiç wagt ýekelikde ýeňip geçip bolmaýar. Suwda elmydama kapitan, kürekçi we tälimçi — derýa ulgamyny gowy bilýän adamlar bar, şonuň üçin sen ygtybarly eldedigiňi bilip, bu kyn bölekleri geçip bilýärsiň» – diýip, türgen belleýär.

Pellehananyň golaýynda Donaldsona ýerli ýüzüjiler hem goşuldy. Olar soňky 200 metri bilelikde geçdi. Netijede, türgen aralygy 11 sagat 51 minutda geçip, Simona Bleýzeriň rekordyny täzeledi. Bleýzeriň 2024-nji ýyldaky netijesi 16 sagat 13 minuta deňdi.


05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.03.2026 18:45
5.5k+

Mehiko köpçülikleýin futbol türgenleşigi boýunça Ginnesiň rekordyny goýdy

Mehiko şäheriniň meşhur Sokalo meýdançasynda taryhda iň uly köpçülikleýin futbol türgenleşigi geçirildi. Oňa 9 500 adam gatnaşdy we bu görkeziji täze dünýä rekordyny goýmaga mümkinçilik berdi. Çäre wagtynda uly meýdança äpet, açyk asmanyň astyndaky türgenleşik meýdançasyna öwrüldi...