Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

  • 21.04.2026 23:24
  • 2.4k+

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy.

Mundan ozalky rekord 2011-nji ýyldan bäri saklanyp gelýärdi we ol Koririň watandaşy Jeffri Mutaýa degişlidi (2 sagat 3 minut 2 sekunt).

Ikinji orny Tanzaniýadan Alfons Feliks Simbu eýeledi, ol ýeňijiden 55 sekunt yza galdy. Üçünji bolup pellehana ýeňijiden 58 sekunt yza galan keniýaly Benson Kipruto geldi.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşyň ýeňijisi keniýaly Şaron Lokedi boldy.

Korir 29 ýaşynda. Ol 2025-nji ýylda hem Boston marafonynyň ýeňijisi bolupdy, şeýle hem 2024-nji ýylda Çikago marafonynda ýeňiş gazandy.

Boston marafony dünýäniň iň iri ýaryşlarynyň hataryna girýär. Şeýle ýaryşlara Tokiodaky, Londondaky, Sidneýdäki, Berlindäki, Çikagodaky we Nýu-Ýorkdaky marafonlar hem degişlidir.


13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

15.04.2026 16:27
6.7k+

18 ýaşynda Useýn Boltdan hem çakgan: awstraliýaly ylgawçy ýamaýkaly türgeniň ýetginjekleriň arasyndaky rekordyny täzeledi

Sidneýde geçirilen ýaryşlarda 18 ýaşly awstraliýaly sprinter (ylgawçy) Gout Gout 200 metr aralygy 19,67 sekuntda geçip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda täze resmi dünýä rekordyny goýdy. Ýaş türgen diňe bir......