Afiny marafonynda keniýaly Kiptu rekord goýup ýeňiji boldy

  • 13.11.2023 16:24
  • 11k+

Keniýaly Edwin Kiptu 40-njy Afiny marafonynyň ýeňijisi boldy, 2 sagat 10 minut 34 sekuntda 42 kilometr 195 metr aralyga ylgady. Ylgawçy bu aralyk boüunça täze rekord goýdy; öňki rekord (2: 10,37) 2014-nji ýylda hasaba alnypdy. Bu barada Afiny Makedoniýa habarlar gullugy habar berdi.

Marafon şäherinden başlap, Afinydaky 1896-njy ýylda ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan “Panatinaikos” stadionynda tamamlanan marafona 21 müň ylgawçy gatnaşdy. Mundan başga-da, paýtagtda 10 km-lik we 5 km-lik aralyklara ylgaw ýaryşlary we çagalaryň 1,2 km-lik aralyga ylgaw ýaryşy geçirildi. Marafona we beýleki ýaryşlara jemi 72 müň ylgawçy, şol sanda daşary ýurtdan 18 müň adam gatnaşdy , olaryň ýarysy ylgaw ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ilkinji gezek Gresiýa geldi. 10 km-a ylgamak ýaryşy şenbe güni, esasy marafon we 5 km-a ylgamak ýaryşy ýekşenbe güni geçirildi. 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek daşary ýurtlardan, esasanam, Keniýadan saýlama türgenler Afiny marafonyna gaýdyp geldiler.
Afiny marafon ýoly dünýädäki iň kyn ýollaryň biri hasaplanýar, sebäbi onuň ep-esli bölegi daglyk ýerlerden geçýär, bu ýol diňe Gresiýanyň paýtagtynyň eteginde tekiz bölege düşýär.


şu gün 12:21
0

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....