Arman Dýuplantis şestli bökmekde 11-nji gezek dünýä rekordyny täzeledi

  • 01.03.2025 17:24
  • 4.3k+

Iki gezek Olimpiýa çempiony şwesiýaly Arman Dýuplantis şestli bökmekde özi tarapyndan goýlan dünýä rekordyny nobatdaky gezek täzeledi. Bu gezek ol rekordy Fransiýanyň Klermon-Ferran şäherinde geçirilen ýaryşda goýdy.

Türgen 6 metr 27 santimer beýiklikden geçdi. Dýuplantisiň öňki rekordy bir santimetr pes bolup (6,26), 2024-nji ýylyň 25-nji awgustynda Polşada geçen “Brilliant ligasy” tapgyrynda goýlupdy.
25 ýaşly Dýuplantis üçin bu dünýä rekordy karýerasynda 11-nji boldy. Ol 2021-nji we 2024-nji ýyllaryň Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, ol iki gezek dünýä çempiony (2022, 2023) we üç gezek Ýewropa çempiony (2018, 2022, 2024), ýapyk binada iki gezek dünýä çempiony (2022, 2024) we Ýewropa çempionydyr (2021).


02.06.2026 17:37
4.8k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

01.05.2026 11:50
7.5k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......