Italiýaly aýal 90 ýaşynda 200 m aralyga ylgamakda rekord goýdy

  • 16.01.2024 13:55
  • 14k+

Italiýaly Emma Massenga W90 ýaş kategoriýasynda 200 metr aralyga ylgamakda taryhy rekordy täzeledi. Paduýada geçirilen ýaryşda çykyş eden türgen 1933-nji ýylda doguldy diýip, Weneto welaýatynyň Ýeňil atletika federasiýasy habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Massenga bu aralygy 54,47 sekuntda geçdi. 1:00.72 bolan öňki rekord 13 ýyl mundan ozal kanadaly ýeňil atletikaçy Olga Kotelko tarapyndan goýlupdy. Oňa ýaşuly adamlaryň arasynda birnäçe rekord degişlidi.

“Eger Emmanyň şikes sebäpli 4 aýlyk arakesmeden soň ylgaw türgenleşiklerine tas bir aý mundan öň başlandygyny göz öňünde tutsaň, bu örän gowy netije. Çydamlylygyň we tutanýerliligiň ajaýyp mysaly” – diýlip, sport federasiýasynyň habarynda aýdylýar.

Ylgawçynyň aýtmagyna görä, tötänleýin ýagdaý ony öýde oturmaga mejbur etdi, ýöne ol zibil taşlamaga çykanyndan soň sport bilen ýene-de meşgullanyp başlamak kararyna geldi. Rekord eýesi liftsiz öýüň dördünji gatynda ýaşaýar.


26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....