Türkmen ýeňil atletikaçysy Pariž Olimpiadasynda 100 metr aralykda ýarym finala çykyp bilmedi

  • 02.08.2024 17:38
  • 15k+

Parižde 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda Türkmenistanyň ýeke-täk wekili Walentina Meredowa çykyşlaryny tamamlady.

39 ýaşly türgen 100 metr aralyga ylgamakda deslapky tapgyrda 12,01 sekunt görkeziji bilen dördünji orny eýeläp, indiki tapgyra çykmagy başardy. Ýarym finala çykmak ugrunda ýaryşda ol aralygy 11,95 sekuntda geçip, 9-njy netijäni görkezdi. Bu ýarym finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.
Walentina Meredowa üçin karýerasynda bu eýýäm ikinji Olimpiýa ýaryşlarydyr. Birinji gezek ol 2008-nji ýylda Pekin Olimpiadasyna gatnaşdy.
Meredowa 100 metr aralyga ylgamakda Türkmenistanyň milli rekordynyň eýesidir - 11,56 sekunt. BU netijäni ol 2008-nji ýylda Almatyda gazandy.


düýn 20:10
6.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......