Norwegiýaly ylgawçy Ingebrigtsen 24 ýyl mundan öňki rekordy täzeledi

  • 10.09.2023 16:29
  • 6.4k+

Norwegiýaly ýeňil atletikaçy Ýakob Ingebrigtsen Brýusselde geçen Göwher liganyň tapgyrynda iki müň metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşda täze dünýä rekordyny goýdy.

Türgen aralygy 4 minut 43,13 sekuntda geçdi. Öňki rekordy 1999-njy ýylda marokkoly Hişam el-Gerruž goýupdy. Ol iki müň metr aralygy 4 minut 44,79 sekuntda geçipdi.
Ýakob Ingebrigtsen 1,5 müň metr aralyga ylgamakda tapawutlanan 22 ýaşly Olimpiýa çempiony. Şeýle hem, ol bäş müň metr aralyga ylgamakda iki gezek dünýäniň çempiony we dört gezek Ýewropanyň çempiony boldy. Mundan başga-da, onuň hasabynda dünýä çempionatynda alan iki kümüş medaly bar.


26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....