Dýuplantis we Assefa World Athletics-iň garaýşy boýunça ýylyň türgenleri boldular

  • 12.12.2023 16:03
  • 7.1k+

Bütindünýä ýeňil atletika birleşigi 2023-nji ýylda iň gowy türgen diýlip ykrar edilen alty türgeniň adyny yglan etdi.

2023-nji ýylyň iň gowy türgenleriniň arasynda Tigist Assefa (Efiopiýa), Feýt  Kipyegon (Keniýa), Ýulimar Rohas (Wenesuela), Armand Dýuplantis (Şwesiýa), Nua Laýls (ABŞ) we Kelwin Kiptum (Keniýa) bar.

"Assefa, Dýuplantis, Kiptum we Kipyegon 2023-nji ýyldaky gatnaşan ýaryşlarynda dünýä rekordyny goýdular. Umuman alanyňda, 2023-nji ýylyň alty türgeni ýylyň dowamynda dünýäniň çempiony adyny gazandylar ýa-da iri marafon ýaryşlarynda ýeňiji boldular” – diýip, World Athletics habar berýär.

Mysal üçin, Assefa sentýabr aýynda Berlin marafonynda dünýä rekordyny goýup ýeňiji boldy. Ylgawçy 2 sagat 11 minut 53 sekuntda 42 kilometr 195 metr aralygy geçdi. Dýuplantis syrykly bökmekde öz dünýä rekordyny täzeledi.


13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

29.04.2026 14:40
1.8k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

27.04.2026 01:02
1.7k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

21.04.2026 23:24
2.4k+

Keniýaly Jon Korir Boston marafonynda taryhda iň gowy netije bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Jon Korir Boston marafonynyň ýeňijisi boldy we ýoluň täze rekordyny goýdy. Ol 42 kilometrden gowrak aralygy 2 sagat 1 minut 52 sekuntda geçmegi başardy....