World Athletics sport federasiýasy 10 million dollar baýrakly täze ýaryş gurnaýar

  • 07.06.2024 11:46
  • 3063
World Athletics sport federasiýasy 10 million dollar baýrakly täze ýaryş gurnaýar

Halkara ýeňil atletika federasiýalary birleşigi (World Athletics) täze abraýly ýaryşyň - World Athletics Ultimate Championship-iň döredilendigini habar berdi. Iki ýyldan bir gezek geçiriljek bu ýaryş ýeňil atletika möwsüminiň finaly bolar we dünýäniň iň gowy atletikaçylaryny birleşdirer.

Ilkinji çempionat 2026-njy ýylyň 11-13-nji sentýabry aralygynda Budapeştde geçiriler. Baýrak gaznasy rekord 10 million dollar bolar. Her görnüş boýunça ýeňiji 150 müň dollar alar.
Ýaryşa 70 ýurtdan 400 töweregi türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Her görnüş boýunça dünýä reýtingine görä saýlanan dünýäniň iň gowy türgenleriniň 8-16-sy ýaryşar.
World Athletics rekord baýrak gaznasyndan başga-da, Olimpiýa oýunlarynyň altyn medallarynyň gymmatyny artdyrjak täze başlangyjy yglan etdi. 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan türgenler World Athletics-den 50 müň dollar alarlar.
Bu World Athletics-i Olimpiýa oýunlarynda gazanylan altyn medallar üçin pul baýragyny töleýän ilkinji halkara sport federasiýasyna öwürýär. 


düýn 22:54
3383

HOK 2030-njy we 2034-nji ýyllaryň gyşky Olimpiadalarynyň geçiriljek ýerlerini saýlady

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) Ýerine ýetiriji komiteti 2030-njy we 2034-nji ýyllaryň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýerlerini saýlamak boýunça komissiýanyň tekliplerini makullady diýip...

10.06.2024 15:31
19276

Ispaniýaly türgen pellehana ýetmänkä ýeňşini baýram edip başlap, medaldan galdy (wideo)

Rimde geçirilen Ýewropa çempionatynda çykyş eden ispaniýaly türgen Laura Garsiýa-Karo 20 km aralyga pyýada ýöreýiş ýaryşynda dördünji orny eýeläp, wagtyndan öň ýeňşi bellemegi sebäpli medalsyz galdy. Bu barada...

07.06.2024 13:46
11138

Keniýaly ylgawçy doping zerarly alty ýyl diskwalifikasiýa edildi we dünýä rekordyndan mahrum boldy

Keniýaly ylgawçy Roneks Kipruto antidoping düzgünlerini bozandygy üçin alty ýyl diskwalifikasiýa edildi. Bu barada Ýeňil atletikada ýaramaz hadysalara garşy göreşmek boýunça garaşsyz edaranyň (AIU) saýtynda habar...

30.05.2024 22:18
5134

Tomusky Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek Ýakyn Gündogarda geçiriler

2036-njy ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlary Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriler. Bu barada, ispan neşiri Relevo habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň...