50.65: Maklaflin päsgelçilikli 400 m aralyga ylgamakda ýene dünýä rekordyny täzeledi

  • 02.07.2024 22:12
  • 6.1k+

Amerikaly ýeňil atletikaçy Sidni Maklaflin-Lewron päsgelçilikli 400 metr aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol ABŞ-nyň Pariždäki 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna milli saýlama ýaryşynyň finalynda 50.65 sekunt netijäni görkezip, özüniň öňki rekordyny (50.68) täzeledi.

Bu Maklafliniň karýerasynda ilkinji rekord däl. Ol 2022-nji ýylda taryhda päsgelçilikli 400 metr aralygy 51 sekuntdan az wagtyň içinde geçen ilkinji zenan boldy. 2020-nji ýylyň Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda iki altyn medal gazandy: päsgelçilikli 400 metre ylgamakda we ABŞ-nyň estafeta toparynyň düzüminde 4х400 metr aralyga ylgawda.
Maklafliniň Parižde ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi ýokary, ol bu ýerde Olimpiýa çempiony titulyny goramaga synanyşar.


06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......