DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

  • 01.06.2026 17:02
  • 6.8k+

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň aladalary hakynda gürrüňler köp edilýär.

Euronews Culture bolsa şeýle gyzgalaňly günlerde ünsi has ýeňil we gyzykly mowzuga – futbol modasyna gönükdirmegi teklip edýär. Saýt çempionata gatnaşjak 48 toparyň lybaslaryny öwrenip, olaryň içinden iň göze gelüwlilerini we gelşiksizlerini saýlady.

Iň gowy futbol lybaslary

1. Argentina — Myhmançylykdaky lybasy

Turniriň iň özboluşly dizaýnlarynyň biri. Gara reňkli köýnekçäniň ýüzi Buenos-Aýresiň adaty çeperçilik stili bolan «fileteado» sungatyndan nusga alnyp çekilen gök ösümlik nagyşlary bilen bezelipdir. Bu dizaýn toparyň milli aýratynlygyny açmak bilen birlikde, lybasy beýlekilerden tapawutly görkezýär.

2. Gana — Öý lybasy

Bu lybas Günbatar Afrika folklorynyň gahrymany – paýhas bilen mekirligiň nyşany bolan Anansi atly şahsyýetiň keşbinden ylham alnyp taýýarlanypdyr. Eşigiň merkezindäki esasy Gara ýyldyz we ondan ýaýraýan çyzyklar möýüň kerebini ýatladýar. Dizaýn adaty milli ähenler bilen häzirki zaman modasyny örän oňat utgaşdyrýar.

3. Fransiýa — Öý lybasy

Fransuzlar ýene-de meýdançada beýlekilerden görnükli görünjege meňzeýär. Olaryň adaty gök reňki bu gezek zig-zag nagyşlar, ak ýaka we bürünç öwüşginli elementler bilen baýlaşdyrylypdyr. Netijede, lybas ýönekeý ýaly görünse-de, gözüňi egläýjek bezegleri özünde saklaýar.

4. Meksika — Öý lybasy

Turniriň iň täsirli we ýagty dizaýnlarynyň biri. Lybasyň esasyny astekleriň taryhy senenamasynyň («Piedra del Sol» – «Gün daşy») bölekleri düzýär. Ondaky nagyşlar çylşyrymly we  owadan, nusgawy reňkler bolsa örän ýerlikli ulanylypdyr.

Iň gelşiksiz futbol lybaslary

ABŞ — Öý lybasy:

2022-nji ýyldaky çym-ak eşik bilen deňeşdireniňde bu görnüş has gelşikli görünýär. Ýöne şeýle-de bolsa, gyzyl-ak çyzyklar göz-görtele milli baýdagy ýatladýar. Has dogrusy, «ýyldyzly» myhmançylyk lybasy bilen bile goýup seredeniňde, bu dizaýn örän elujy we «menden saňa barynça» ýaly çemeleşilene meňzeýär.

Şwesiýa — Myhmançylyk lybasy:

Adaty öý lybasyna garanyňda has batyrgaý dizaýn, ýöne tolkunly nagyşlar sorag döredýär. Synçylaryň pikiriçe, bu nagyşlar lybasy bezemegiň deregine, gaýta ünsi başga tarapa sowýar.

Angliýa — Öý lybasy:

Bu lybasda 1990-njy ýyllaryň «Umbro» modellerinden nusga alnypdyr we şol sebäpli-de diýseň köneçil bolup çykypdyr. Esasy kemçilik — ýiti, täzeçil çözgütleriň we ýatda galyjy jhiç bir zadyň ýoklugydyr.

Braziliýa — Myhmançylyk lybasy:

Eşikde gerbiň üýtgeşik ýerleşdirilişi, sary jähek we Jordan brendi bilen hyzmatdaşlyk ýaly gyzykly elementler bar. Ýöne Amazonka tokaýlyklarynyň agaç gurbagalarynyň reňkinde çekilen garamtyl grafiki şekiller meýdançada isleýşiň ýaly owadan görünmeýär.

Germaniýa — Myhmançylyk lybasy:

Nemes ýygyndysynyň 2027-nji ýylda Nike-a geçmezinden öň Adidas tarapyndan taýýarlanan iň soňky ýörite eşigi garaşylýan netijäni bermedi. Lybasyň ýüzündäki romb şekilli nagyşlar gaty dykyz we agyr görünýär, dizaýn bolsa köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň soňuna laýyk  täsiri galdyrmaýar.

Dünýä çempionaty 11-nji iýun – 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň meýdançalarynda geçiriler.


düýn 15:42
6.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......