Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny mälim etdi.
Eýranyň DIM-niň resmi wekili Ismail Bagainiň aýtmagyna görä, Eýranyň Futbol federasiýasynyň wekilleri Türkiýede FIFA-nyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
«Türkiýede bolan duşuşykda FIFA-nyň ýokary wekilleri bize ýaryşy kabul edýän ýurtlaryň (esasan hem ABŞ-nyň) ähli halkara kadalary berjaý etmegi üçin guramanyň öz güýjüni gaýgyrmajykdygy barada kepillik berdiler» diýip, Bagai belledi. Gürrüň esasan hem, ozal metbugatda agzalan eýranly futbolçylara wiza berilmezligi barada gidýär.
Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli dowam eder. Eýranyň ýygyndysy Özbegistan bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, ýaryşa gatnaşmak hukugyny eýýäm gazandy. Bije çekişligiň netijesinde Eýran «G» toparyna düşdi we ol ýerde Belgiýa, Müsür hem-de Täze Zelandiýa bilen oýnar. Eýranyň bu üç oýnunyň hemmesi hem ABŞ-nyň meýdançalarynda geçiriler.
Şeýlelikde, FIFA eýranly futbolçylaryň ABŞ-nda geçiriljek oýunlara bökdençsiz hem tutuş düzümi bilen baryp biljekdigine söz berdi diýip aýdyp bolar.