Efiopiýaly ýeňil atletikaçy Segaý 5000 metr aralyga ylgamakda dünýä rekordyny täzeledi

  • 19.09.2023 11:39
  • 8.4k+

Efiopiýaly ýeňil atletikaçy Gudaf Segaý ABŞ-nyň Ýujin şäherinde geçirilen Brilliant ligasynyň finalynda 5000 metr aralyga ylgamakda keniýaly Feýt Kipýegonyň dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

Segaý bu aralygy 14 minut 0,21 sekuntda geçdi. Ol 2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda goýlan keniýaly Feýt Kipýegonyň (14.05,20) dünýä rekordyndan öňe geçdi.
Efiopiýaly türgen 26 ýaşynda. Ol Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy (5000 metr) we Budapeştde geçirilen 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň ýeňijisidir (10000 metr).


düýn 14:15
6.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.7k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....