Ispaniýaly türgen pellehana ýetmänkä ýeňşini baýram edip başlap, medaldan galdy (wideo)

  • 10.06.2024 15:31
  • 20k+

Rimde geçirilen Ýewropa çempionatynda çykyş eden ispaniýaly türgen Laura Garsiýa-Karo 20 km aralyga pyýada ýöreýiş ýaryşynda dördünji orny eýeläp, wagtyndan öň ýeňşi bellemegi sebäpli medalsyz galdy. Bu barada CNN habar berýär.

Garsiýa-Karo ýaryşyň soňky metrlerinde üçünji ýerde barýardy, şonda ol ýeňiş gazanjakdygyna gözi ýetip, boýnuna Ispaniýanyň baýdagyny daňyp, ellerini howa galdyrmaga taýýarlandy. Ýöne ukrainaly türgen Lýudmila Olýanowskaýa finiş çyzygyna birnäçe metr galanda ondan öňe geçip, bürünç medaly eýeledi.

“Diýseň gynandym. Ýaryşyň [20 km aralyga] birinji ýarymynda men ýadadym, ýöne özümi ele aldym we soňky 10 metrde üstünlik gazandym diýip pikir etdim, ýöne bolmady. Indi [bolup geçen zatlara] akyl ýetirip, ýüregimdäki gussany aýyrmaly” – diýip, Garsiýa-Karo aýtdy.

Altyn medala italiýaly Antonella Palmizano mynasyp boldy, ol 1 sagat 28,08 minut netijäni görkezdi. Ikinji orny ýene bir italiýaly türgen Walentina Trapletti eýeledi (1:28.37).


13.06.2026 12:21
2.7k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

29.05.2026 23:03
7.3k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....