«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda şertnamanyň şertlerini düýpli üýtgedip, satyn alynýan paýnamalaryň sanyny 80 müňden 30 müňe çenli azaltdylar.
EFE agentligine salgylanyp, COPE teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Serhio Ramosyň maýa goýum gaznasy meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň umumy mukdaryny azaltdy, bu bolsa bäş aýlap dowam eden gepleşikleriň togtamagyna getirdi.
Ilkibaşda Ramosyň topary «Sewilýanyň» 80 müň paýnamasyny satyn almagy meýilleşdiripdi we şertnamanyň umumy bahasy — klubuň takmynan 90 million ýewro möçberindäki arassa bergisi aýrylanda — 450 million ýewro töweregi bahalandyrylypdy. Emma soňky duşuşykda maýadarlar bu tekliplerini yzyna alyp, diňe 30 müňe golaý paýnamany satyn almaga we geljekde maýanyň köpeldilmegine özbaşdak gatnaşmaga razy boldular. Netijede, maýa goýumlaryň hakyky göwrümi takmynan 100 million ýewra çenli peseldi. Paýdarlaryň pikiriçe, bu ýagdaý Ramosa klubuň eýeçiligini minimal çykdajylar bilen öz eline almaga mümkinçilik bererdi.
«Sewilýanyň» häzirki eýeleri täze şertleri kabul ederliksiz diýip atlandyrdylar. Olar mümkin bolan satyn alyjylaryň maliýe we umumy alanyňda ukypsyzdygyny mälim edip, başga tekliplere garaşmak bilen täze möwsüme taýýarlyk görüp başladylar.
«Sewilýanyň» ýetişdiren futbolçysy bolan 40 ýaşly Serhio Ramos 2004–2005-nji we 2023–2024-nji ýyllarda bu klubda çykyş edipdi. Ol Ispaniýanyň bäş gezek çempiony, «Realyň» düzüminde Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi, PSŽ bilen Fransiýanyň iki gezek çempiony, şeýle hem dünýä çempiony we Ýewropanyň iki gezek çempionydyr.