Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

  • 25.05.2026 23:07
  • 9.2k+

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy.

Bu gezek turnirde iň köp topar bilen Angliýa we Ispaniýa wekilçilik eder. Olaryň hersinden 5 klub gatnaşar.

Täze ulgama görä, umumy tapgyrda jemi 36 topar bäsleşer. Galan 7 sany ýollanma tomusda geçiriljek saýlama oýunlarynyň netijesinde kesgitleniler.

Häzirki wagtda gatnaşyjy toparlaryň sanawy:

Angliýa (5): «Arsenal», «Mançester Siti», «Mançester Ýunaýted», «Aston Willa», «Liwerpul».

Ispaniýa (5): «Barselona», «Real Madrid», «Wilýarreal», «Atletiko Madrid», «Betis».

Germaniýa (4): «Bawariýa», «Borussiýa Dortmund», «Leýpsig», «Ştutgart».

Italiýa (4): «Inter», «Napoli», «Roma», «Komo».

Fransiýa (3): «PSŽ», «Lans», «Lill».

Niderlandlar (2): PSW, «Feýenord».

Portugaliýa (2): «Portu», «Sporting».

Belgiýa (1): «Brýugge».

Çehiýa (1): «Slawiýa».

Türkiýe (1): «Galatasaraý».

Ukraina (1): «Şahtýor».

Möhüm seneler we final: Çempionlar ligasynyň umumy tapgyry 2026-njy ýylyň 8-nji sentýabryndan 2027-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Häzirki dowam edýän möwsümiň çempiony bolsa 30-njy maýda Budapeştiň «Puşkaş Arena» stadionynda «PSŽ» we «Arsenal» toparlarynyň arasynda geçiriljek final oýnunda belli bolar.


şu gün 14:15
3.4k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

düýn 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

13.06.2026 16:24
7.3k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......